Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenhowaýollary» müşderilerine mobil goşundysyny hödürleýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy iOS we Android operasiýa ulgamlary üçin öz mobil goşundysyny hödürledi.
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody uly göwrümli ýük gämisini gurar
Türkmenistanda halkara ýük daşamalary bilen meşgullanýan “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody ýük göterijiligi 5 müň 300–8 müň 100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmagy göz öňünde tutýar.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýük gatnawlarynyň gerimini giňeldýär
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwa şäherine yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlaýar
Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi
Maşyn terjimesiniň hyzmatlaryny özünde jemleýän Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilýär.
Daşoguz welaýatynda 10-dan gowrak ýerde Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy
Daşoguz welaýatynyň ilatly, jemgyýetçilik ýerlerinde “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan 13 nokatda TM Wi-Fi çäksiz simsiz interneti gurnalandyr. Welaýatda Wi-Fi ulgamynyň işleýän ýerleriniň interaktiw kartasy kompaniýanyň resmi saýtynda köpçülige ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.
HALKARA ULAG ULGAMY – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär.
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana eksportyny artdyrar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana harytlarynyň birnäçesiniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Eksport edilýän harytlaryň umumy mukdary 162 million 300 müň ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýew Tährana amala aşyran iki günlük iş saparynyň dowamynda mälim etdi.
Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçar gatnawynyň senesini yglan etdi
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça “Sibir” howaýollarynyň uçarynyň indiki ýörite uçuşy guralar. Bu uçuş baradaky maglumat Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial aragatnaşyk ulgamynda beýan edildi.
DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ BAÝ MIRASY
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, diýarymyzda ägirt uly syýasy, ykdysady, ruhy özgertmeler amala aşyryldy. Amala aşyrylan pudaklaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda milli aň, milli gymmatlyklar öň görlüp - eşidilmedik derejelerde ösdi. Türkmeniň milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň arasynda özboluşly ýakyn, jebis, täze arabaglanyşyk emele geldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.