Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Mary halkara howa menzili halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
"Türkmenhowaýollary" döwlet gullugynyň Mary halkara howa menzili menziliň içerki aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen göterilýän döwrebap radiostansiýalary satyn almak boýunça öň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 10.07.2025 senesindäki sanynda çap edilen açyk görnüşli halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.
Hazar deňziň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
AWAZA FORUMYNYŇ ÇÄGINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4-8-nji awgust aralygynda BMG-niň howandarlygyndaky Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty öz işine başlady.
Hazaryň türkmen kenary — giň möçberli halkara forumyň geçirilýän merkezi
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlary gaýtadan dikeldiler
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ 11-nji awgustdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar. Häzirki wagtda Aşgabatdan we welaýatlardan uçýan awiakompaniýanyň uçarlary Balkanabadyň Halkara howa menziline gonýar.
Mahaçkala — Türkmenbaşy parom gatnawy 2030-njy ýyla çenli ýola goýular
Mahaçkala deňiz söwda porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň portlary bilen parom gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu taslama Hazar sebitiniň ulag mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda sebitleýin çäre geçirildi
Ýakynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Päkistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Paýtagtymyzdaky 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgedildi
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugrunyň hem-de 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugrunyň üýtgedilendigini habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.