Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Ýanwar-aprel: Türkmenistandan geçirilen üstaşyr ýükler 2 million tonnadan geçdi
2025-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistandan geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 2 million tonnadan geçdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim köpdür diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Azerbaýjan we Pakistan Türkmenistanyň üsti arkaly demir ýol hyzmatdaşlygyny berkidýär
“Azerbaýjanyň demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Rowşan Rustamowyň Pakistanyň demir ýol ulagy boýunça döwlet ministri Bilal Azhar Kaýani bilen duşuşygy boldy. Owganystanyň we Türkmenistanyň üstünden täze logistika geçelgeleri döretmek duşuşykda üns merkezinde bolan mesele boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Belavia” Türkmenistana uçuşlaryny wagtlaýyn Balkanabat Halkara howa menziline üýtgedýär
“Belavia” awiakompaniýasy 20-nji maýdan 25-nji iýula çenli Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmegi bes edýär. Bu döwürde uçuşlar Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Balkanabat Halkara howa menziline üýtgedilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan ÝB we HSM bilen hyzmatdaşlykda sanly söwdany ösdürýär
Halkara söwda merkezi (HSM) 13-14-nji maýda Türkmenistanda elektron söwdany ösdürmäge we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw maslahatyny geçirdi. HSM-niň tehniki goldawlarynyň bir bölegi bolan çäre Türkmenistanyň ählumumy sanly ykdysadyýete goşulyşmagynyň ýolunda möhüm tapgyr boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylyk
Geçen hepdede Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän bu şanly sene agzybirligimizi we jebisligimizi, parahatçylyk, dostluk taglymatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygymyzy dabaralandyrýar.

Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady
19-njy maýdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ-i tarapyndan Balkanabatdaky täze howa menziline yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy. Awiakompaniýa şu seneden ýurduň ähli sebitlerinde ilata degişli gatnaw hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygy artýar
Türkmenistanyň ulag-logistika we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de gümrük serhedi arkaly ýük dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmaga, üstaşyr harytlaryň çalt daşalmagy we ulag serişdeleriniň kadaly gatnamagy üçin amatly şertleriň döredilmeginde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Tähranda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýşy tanyşdyryldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 18-19-njy maýda Eýranyň paýtagtynda geçirilen “Tähran dialog forumy – 2025” forumyna gatnaşdy. Ol halkara çärede eden çykyşynda durnukly ykdysady ösüşiň we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly hökmünde ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşy bilen tanyşdyrdy.

Aşgabat bilen Almatynyň arasyndaky uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda dikeltmek meýilleşdirilýär
Türkmenistan Aşgabat we Almaty şäherleriniň arasynda göni uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew bilen bolan duşuşygynyň jemleri boýunça mälim edildi.

Türkmen-owgan ulag we söwda infrastruktura taslamalary ara alyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.