Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168d0da6d4b137.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň dört welaýatynda täze etrap häkimlikleri döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Оbalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurduň welaýatlarynda täze häkimlikleri döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

168d0d7a082b42.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda £99 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň aprel aýyndan 2025-nji ýylyň mart aýy aralygynda 99 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti anna güni habar berdi.

168d0cf595dbf4.jpeg
5 aý ozal
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy

20-nji sentýabrda paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

168ce80448c392.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

168ce7f68d0162.jpeg
5 aý ozal
Aragatnaşyk pudagy Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar

Däp bolşy ýaly, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz hünärine ussat işgärler, öňdebaryjy watandaşlarymyz döwlet sylaglarydyr, hormatly atlar we Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar.

168ccda2ea7b59.jpeg
5 aý ozal
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

18-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

168ccd90f91c4b.jpeg
5 aý ozal
Awazada halkara forum geçirilýär

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar.

168ccd8225e2fe.jpeg
5 aý ozal
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.

168cb8de70217e.jpeg
5 aý ozal
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi täze “Yutong” awtobuslarynda tanyşdyryş saparyny amala aşyrdy

Aşgabatda şäher infrastrukturasynyň ösüşi üçin möhüm waka bolup geçdi. Paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň çäginde Hytaýyň “Yutong” kompaniýasynyň önümçiliginden 700 sany täze awtobus gelip gowuşdy.

168cb8ca82b600.jpeg
5 aý ozal
Awtoulag sürüjilik okuwlaryna ýazylmak onlaýn ýagdaýda e.gov.tm arkaly elýeterlidir

Türkmenistanda raýatlar awtoulag sürüjilik okuwlaryna e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyň portaly arkaly ýazylyp bilerler. Bu hyzmat «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterli bolup, islendik toparçany (B, BC, C, D ýa-da E) saýlamaga, arza doldurmaga we «Altyn Asyr» bank karty arkaly okuw üçin tölegi onlaýn ýagdaýda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.