Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168db7510d1d32.jpeg
5 aý ozal
Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolundaky ulag hereketi dikeldildi

Aşgabat şäher häkimligi Bitarap Türkmenistan şaýolunyň (ozalky Podwoýskiý şaýoly) Atamyrat Nyýazow bilen Arçabil şaýollarynyň arasyndaky böleginde ulag hereketiniň dolulygyna dikeldilendigini habar berdi.

168da31579d1e9.jpeg
5 aý ozal
Oktýabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

Indiki aýda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri, dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

168da2ce0352a4.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew 25-nji sentýabrda, hökümet mejlisinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

168da2acbcc948.jpeg
5 aý ozal
Urgenç şäherinde gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirmek maksady bilen türkmen-özbek iş duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Urgenç şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek.

168d66101e8f77.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

168d6602805033.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Ýakyn wagtda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.

168d5139ea8e70.webp
5 aý ozal
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar

Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň günsaýyn kämilleşýändigi, ösýändigi, özgerýändigi, biz, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenlerini buýsandyrýar we guwandyrýar. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeler bolsa ýurdumyzy sebitiň möhüm aragatnaşyk merkezine öwürýär.

168d515e7b9b1f.jpeg
5 aý ozal
GARAŞSYZLYK - BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ!

Şu günler Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalyny asyrlara barabar beýik özgerişler bilen dünýä tanadan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy.

168d4dad2a2188.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” forumyny geçirmegi hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi.

168d4dec7640b9.jpeg
5 aý ozal
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň jemleýji seljermesiniň netijesi

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda, garaşsyz halkara hünärmenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy we BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiren «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasyna jemleýji seljermesi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.