Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Söwda we telekeçilik
Söwda we telekeçilik pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu pudakda amala aşyrylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň netijelerini, bazar özgertmeleriniň täsirliligini seljermäge mümkinçilik berip, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ösüş depginini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Leýen Ýewropada emeli intellekt pudagyna 200 milliard ýewro maýa goýmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Türkmenistan – YHG: ulag pudagynda, serhetýaka söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmeklige seredildi
Tähran şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ulag pudagynda we serhetýaka söwda gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de Türkmenistan bilen YHG-niň arasynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: ulag we aragatnaşyk pudagy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň, şol sanda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi.

“Hazar deňzi – Gara deňiz” taslamasy boýunça duşuşyk geçirildi
10-njy fewralda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka awtomobil ýolunyň taslamalasyny maslahatlaşdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda Eýranyň serhedinden Gumdag şäherine uzaýan awtomobil ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara howpsuz Internet güni bellenildi
11-nji fewralda Halkara howpsuz Internet güni bellenildi. Ol 2004-nji ýylda Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bilen döredildi.

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy Türkmenistanyň ähli ýerine ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän Aşgabadyň awtoulag kärhanasy Türkmenistanyň tutuş çägi boýunça ýük daşamak üçin ulanylýan ulag serişdeleriniň sanawyny hödürleýär.

Balkan welaýatynda 2025-nji ýylda täze Halkara howa menzili toplumy ulanyşa berler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda ýurduň Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menzili toplumyny işe girizmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Döwlet Baştutany bu barada 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.