Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmen-hytaý gatnaşyklary pugtalandyrylýar
15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Daşary syýasat
2024-nji ýyldaky daşary syýasat bilen bagly möhüm wakalara synymyzy dowam etsek, netijeli hyzmatdaşlyk meselesinde Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, beýleki köpugurly meýdançalarda eýeleýän işjeň ornuna ünsi çekmek zerur.

Astrahanda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy maslahatlaşylýar
Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky Astrahan-Aşgabat we Astrahan-Türkmenbaşy ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçiligi öwrenilýär. Bu barada Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda sebitde halkara howa gatnawlarynyň ösdürilmegi meselelerini ara alyp maslahatlaşmak wagtynda belläp geçdi.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ - ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär
Döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara uzakdaky desgalaryň we merkezi ofisleriň arasynda özara internet arkaly baglanyşmaklary üçin hem-de zerur bolan önümçilik ýerlerinde häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ykjam VSAT (kiçi ýerüsti antenna) terminalyny gurnamak arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär.

«Türkmendemirýollary» agentliginde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistan-Eýran serhedindäki geçelgeleriň iş wagty bir ýarym sagat uzaldylýar
15-nji ýanwardan Türkmenistan-Eýran serhedindäki Artyk we Loftabad geçelgeleriniň synag tertibi işe girizildi.

Türkmenistan Özbegistanyň Ýewropa uzaýan ýollary üçin üstaşyr geçelgä öwrüler
Özbegistanyň Ulag ministrligi halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň üstünden täze gatnaw ugurlaryny döretmek boýunça meýilnamalary barada mälim etdi. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi sişenbe güni habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň işläp taýýarlan Konsepsiýasyny makullady
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak, zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy” atly maslahat geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.