Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16784aa4a27ac2.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen ÝB ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow anna güni Brýusselde Ýewropa komissarynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

16784a7012e9a8.jpeg
5 aý ozal
“Türkmenawtoulaglary” agentligine Hytaý Halk Respublikasynyň “Yutong Bus Сo.,Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

167816ed2f0216.jpeg
5 aý ozal
«Türkmentelekom» işewürlik we döwlet düzümleri üçin döwrebap hosting hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» müşderilere hosting çygry boýunça toplumlaýyn çözgütleri: wirtual bölünen serwerleri (Virtual dedicated server), fiziki serwerleri (Dedicated) we maglumatlar merkezinde serwer enjamlaryny ýerleşdirmek hyzmatlaryny (Collocation) hödürlemek bilen, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär. Bu hyzmatlar programma we enjam düzüm böleklerine doly administratiw gözegçilik bilen islendik göwrümli web-taslamalary netijeli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

167816b1c7c641.jpeg
5 aý ozal
Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

2025-nji ýylda Gazagystan üç döwlet bilen - Türkmenistan, Özbegistan we Hytaý bilen serhetdäki dokuz awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

167816aac77176.jpeg
5 aý ozal
«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň çägi arkaly geçýän şahasy boýunça 2 million tonna ýük daşaldy

Türkmenistanyň çägi arkaly daşalýan halkara ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Has takygy, 2024-nji ýylda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Russiýanyň çäginden geçýän Gündogar şahasynyň ugry boýunça daşalan ýükler 2023-nji ýyldakydan 3 esse töweregi artdy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Kazem Jalaliniň sözlerine salgylanyp, «TASS» ýazýar.

16781694e1deef.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal we ýadygärlik nyşany dörediler

9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.

16781644fd1213.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň önümçiligine girişildi

Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen çärä werfiň ýolbaşçylygynyň we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy – diýip, balkanshipyard.com.tm saýtynda habar berilýär.

1677f5d1c5809d.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda sanly medeniýet boýunça seminar geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri sanly medeniýet boýunça okuwlary geçýär.

1677f5b6cc25f8.jpeg
5 aý ozal
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi enjamlar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

1677f6021008fb.jpeg
5 aý ozal
«Onlaýn halkara töleg» hyzmaty hödürlenýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw we gündelik çykdajylary üçin «VISA» we «Master Card» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga we erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligi döredýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.