Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Özbegistan 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýük ulaglary üçin ýygymlary ýokarlandyrdy
Özbegistanyň Hökümeti daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglarynyň ýurda girmegi üçin ýygymlaryň täzelenen bahalaryny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň ulaglary üçin ýygymlar ýokarlandyryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary
Düýn Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
Düýn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar.

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi
Ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereketi şu tertip boýunça amala aşyrylar: awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär. Şeýle hem paýtagtymyzda taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.

Türkmenistanda 2025-nji ýyl üçin çäreleriň sanawy tassyklanyldy
Türkmenstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny tassyklaýan Karara gol çekdi.

Sarahs demir ýol menzilinden Eýranyň eksport harytlarynyň geçirilişi 6% artdy
2024-nji ýylyň 21-nji martynda başlanýan Eýranyň ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demir ýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi ýurduň Horasan sebitiniň demir ýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Deňiz gämileri bilen daşary ýurtlara daşalýan karbamidiň möçberi artýar
Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogazyň karbamid-ammiak zawody (Garabogazkarbamid) şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 994 müň tonna golaý karbamid öndürdi. Munuň özi meýilleşdirilen möçberiň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy
Türkmenistanda Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy. 23-30-njy dekabry aralygynda ýolagçylar paýtagtymyz Aşgabat bilen ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň arasynda ýola goýlan otly gatnawlaryndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu barada “Orient” neşirinde habar berilýär.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi
Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew 2024-nji ýylyň 17-18-nji dekabr aralygynda Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi we Türkmenbaşy şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi.

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.