Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167f378295e71f.jpeg
6 aý ozal
Ulag we kommunikasiýa toplumyny ynamly ösdürilýär

Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentlig Baş direktory Mämmethan Çakyýew, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa agentligiň 2025-nji ýylyň birinji çärýegindäki ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

167f376e69730b.jpeg
6 aý ozal
Hazarda suwasty düzümleriň gurulmagy Ýewraziýada energetika, ulag durnuklylygyny üpjün eder

Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny umumylykda, bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hasaplaýar.

167ef7b972c622.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň elektron portaly arkaly ýetirilen hyzmatlaryň sany 777329 ýetdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Türkmenistanyň «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portaly arkaly tutuş wagtyň dowamynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň sany 777329, onuň ulanyjylarynyň sany bolsa – 75 müňe golaý adama ýetdi.

167ef79a50d97e.jpeg
6 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

167ef784301160.jpeg
6 aý ozal
Türkmen ýaşlary Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar

Türkmen ýaşlary Russiýanyñ hem-de Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ ýurtlarynyñ wekilleri bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli "Hakyda otlusy" atly taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-iñ Federasiýa geñeşiniñ Başlygynyñ orunbasary Inna Swýatenko Arkadag şäherinde geçirilen "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi" atly Halkara maslahatyndaky eden çykyşynda aýtdy.

167ef76e917786.png
6 aý ozal
"Türkmentelekom" EAK hyzmatlaryny pugtalandyrýar

Eger-de siz Interneti, kabel teleýaýlymy we öý Interneti sazlamak boýunça meseläňizi özbaşdak çözüp bilmedik bolsaňyz, "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyñ saýtynda tehniki hünärmeni çagyrmak üçin sargydyñyzy goýup bilersiñiz.

167ecc24276389.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

167ecc1006c97d.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär.

167ecbecb44c74.jpeg
6 aý ozal
Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti geçelgesine birikdiriler

Adriatik deňziň kenarynda ýerleşýän Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti halkara ulag geçelgesine (HHUG) birikdirilmegi meýilleşdirýär.

167eb8eced7cf8.jpeg
6 aý ozal
Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desgasy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanda demir ýol ulgamynyñ maddy-tehniki binýadynyñ berkidilmegi dowam eder. Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäheriniñ demir ýol menziliniñ infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyñ çäklerinde wagonlary arassalaýjy desgasynyñ durkunyñ täzelenmegi meýilleşdirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.