Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi
«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar.

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler
16–18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy
Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynda wagtyňy geçirmek üçin multimediýa ulgamy döredildi
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçylary indi halkara gatnawlary amala aşyrýan iri uçarlaryň ýolagçy salonynda wagtyňy geçirmek üçin mugt multimediýa ulgamyndan peýdalanyp bilerler. Täze hyzmat ýolagçylar üçin oňaýlylygy ýokarlandyrmakdan we amatly gurşawy döretmekden ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp täze desgalar açyldy
Türkmenistanyň möhüm baýramlarynyň biri bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde täze ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna bagyşlanyp sadaka berildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy
12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.