Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanda aýlyk haklary 20-nji dekabra çenli töleniler
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

«Turkish Airlines-yň» saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň resmi web saýty diňe bir awiapetekleri satyn almak üçin niýetlenen saýt däldir. Bu syýahat etmek isleýänler üçin gerek bolan ähli hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürleýän doly hukukly sanly kömekçidir. Geliň, näme üçin bu saýtyň az-kem wagtyňy sarp edeniňe degýändigi dogrusynda durup geçeliň.

Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gümrükçiler üçin döwrebap bina
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkiýe we Türkmenistan söwda, logistika we kargo dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 947,7 million ABŞ dollary boldy. Statistika gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,92 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 939,1 million dollar).

Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi
Türkmenistanyň ulag toplumyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda 953,2 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi eýýäm özleşdirildi. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” (ITTC 2024) atly halkara maslahatda mälim etdi. Bu barada “News Central Asia” neşiri habar berýär.

Aşgabatda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljek üçin meýilnamalary kesgitlediler.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar
“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda türkmen firmasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Bu barada Habarlar portaly habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.