Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168c112789ae91.jpeg
10 aý ozal
Inçeburun demir ýol geçelgesiniň ýük dolanşygy iki esse artar

Inçeburun demir ýol geçelgesiniň ýük dolanşygy 600 müň tonnadan 1 million tonna çenli artdyrylar. Bu barada Eýranyň Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Jabbar Ali Zakeriniň Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow bilen 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrda Inçeburun demir ýol bekedine guran saparlarynyň dowamynda mälim etdi.

168c1114f78a87.jpeg
10 aý ozal
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

168bfb873c1303.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan bilen Eýran demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M. Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

168bfae9f160c5.jpeg
10 aý ozal
Aşgabat şäherine “Yutong” kysymly 700 sany ýolagçy awtobusy gelip gowuşdy

Aşgabat şäherine Hytaýyň “Yutong” kysymly 700 sany ýolagçy awtobusy getirildi. Uzynlygy 12 metre barabar bolan bu döwrebap awtobuslar ýakyn günlerde şäheriň ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlar.

168bfb587a7fb4.jpeg
10 aý ozal
Gümrük işgärleri Emeli aňy gümrük işine ornaşdyrmak boýunça ylmy maslahata gatnaşdylar

Golaýda Gyrgyzystan Respublikasynyň Issyk-Kul welaýatynyň Baet obasynda «Gümrükde emeli aň» atly ikinji halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre, Gyrgyzystan Respublikasynyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan GIZ halkara guramasy ýaly halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde guraldy.

168bfb08ad6009.jpeg
10 aý ozal
BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksatnamalaryny tassykladylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (UNICEF) ýerine ýetiriji geňeşleri Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça ýurt maksatnamalaryny tassykladylar.

168ba6b08b007e.jpeg
10 aý ozal
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

168ba703a45b7d.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine (AHG) agza ýurtlar bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,9 esse artdy. Bu barada sişenbe güni Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berdi.

168ba73ebe2c3d.jpeg
10 aý ozal
Bütindünýä gümrük guramasynyň Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde halkara okuw çäresi geçirildi

2-3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde bikanun deňiz söwdasyna degişli meseleleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi boýunça okuw çäresi geçirilýär. Çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Owganystan, Merkezi Aziýa, Eýran we Pakistan boýunça Sebitleýin merkezi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

168ba6ef2bfcb3.jpeg
10 aý ozal
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler

TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylyk komiteti bu forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini resmi taýdan habar berdi. Forum häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.