Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
16143a4b62d98c.jpeg
4 ýyl ozal
GARAŞŞYZLYK - GANATYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine şu günler Türkmenistanda baş döwlet baýramy – Garaşsyzlyk baýramy uly we köp öwüşgünli dabaralar bilen belleniýär. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

16143a74b195d9.jpeg
4 ýyl ozal
Düşündiriş işleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdymyzda her bir raýatyň saglygy barada alada edilip, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak, dikeltmek, bejermek, ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň çar künjinde saglyk maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär.

1613e32d0803f8.jpeg
4 ýyl ozal
GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurt hem-de dünýä derejesinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, şeýle hem dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilýär.

4 ýyl ozal
«BU ÝOLLARDAN DOGRY BARGAN DÜZ AŞDY... »

Ynsan ömrüniň bütin dowamy ýollar bilen baglanyşykly. Adam ogly şol ýollarda kemala gelýär, gadam urýar, ýortýar, maksadyna ýetýär. Ýol temasy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijilginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik akyldar ak ýola gadam goýan ynsany ýolaryň maksat-myradyna ýetýändigini sazlaşykly setirlerinde öwran-öwran nygtapdyr.  

4 ýyl ozal
Mülkdar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komiteti we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary häzirki wagtda etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde bolup kärendeçi ýer eýeleri bilen iş üstünde duşuşýarlar, olaryň armasynyny ýetirip, meýdan işleriniň alnyp barylşy barada pikir alyşýarlar. Golaýda Köneürgenç etrabynyň Akgala daýhan birleşiginiň kärendeçileri bilen iş üstünde duşuşylyp, olaryň oba hojalyk ekinleriniň ideg işleriniň ýerine ýetirişi barada piki alşyldy.

4 ýyl ozal
BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞLARY

Gahryman Arkadagymyz «Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady,syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir.

4 ýyl ozal
Saglygym - baş baýlygym

Türkmen halkynyň akyldar söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryn bilgil – hassa bolmazdan burun” diýen setirlerini özine esas eden hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygy barada uly işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen indi ençeme ýyllardan bäri her ýylyň sentýabyr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň geçirilmegi hem halkyň saglygyny hemme zatdan ileri goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

1612bd60b4486c.jpeg
4 ýyl ozal
TÄZE OKUW ÝYLY- BOSAGADA

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny" üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň esa­syn­da gö­zel di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap mek­dep­le­riň, sport mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, sta­di­on­la­ryň, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy bu iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk maz­mu­na eýe bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

1612bd389bc71a.jpeg
4 ýyl ozal
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-YNSAN ÖMRÜNIŇ RAHATLYGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady  bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirilýär.

4 ýyl ozal
ŞALYŇ IDEGI ÝETIRILÝÄR

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ulydan toýlanýar. Ýurdymyzyň bu baş baýramyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şaly kärendeçileri 8100 gektar ýerden 35000 tonna şaly hasylyny öndürmegi göz öňünde tuty, her bir agrotehniki çäreleri ýokary hil derejesinde berjaý edýärler, şalynyň kadaly ösüşini gazanýarlar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.