Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ARZUWLAR AMALA AŞANDA
Haýrullanyň kakasy Gaýbulla aga ömrüniň 42 ýylyny demir ýolda işläp geçirdi. Onuň işden boş wagtlary halk hojalyk ýükli otlularyň gatnawy, demir ýoluň abatlanylyşy baradaky berýän gürrüňleri heniz orta mekdepde okap ýören oglunda gyzyklanma döredýärdi. Ol öz ýanyndan kakasy ýaly demir ýolda işlemegi arzuw edýärdi. Şol arzuwlary hem Haýrulla Nurullaýewi 1980-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki ulag we inženerçilik institutynyň gapysyndan getirdi.
Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär!
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Gubadag etrabynyň pagta kärendeçileri dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan “ak-altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçi daýhanlaryň bar aladasy kemala gelen ak altyny gysga wagtda isripsiz Watan harmanyna tabşyrmak bolup durýar.
HALK HAKYDASY BAKYDYR
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni bellenilip geçilýär. Şol gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, 1948-nji ýylyň ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, aýat-dogalar okalýar.Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir.
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ÝAŞULULAR GEREK
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýär.
Döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Berkarar döwletimiziň durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri şäherlerdir obalarda durmuş maksatly desgalaryň barha köp sanlysynyň gurulmagyny şertlendirilýär. Täze-täze binalar bu günki günde bagtyýarlyk döwrümiziň görküne görk goşýar. Şolaryň hatarynda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw mekdepleri, sport desgalary çagalardyr ýaşlaryň hyzmatyna berilýär.
ÝAŞ NESILLERE GÖRELDE MEKDEBI
Biz ajaýyp Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe buýsanyp ýaşaýarys. Ykbaly oýanyp, bagty çüwen halkymyzyň her bir güni uly ösüşlere, şatlykly wakalara, toý - baýramlara beslenýär. Ýaňy-ýakynda eziz halkymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara besläp geçdi.
TARYHY ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY
Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar. Şoňa görä-de, 30 ýyl mundan ozal türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bolar.
Tutumly toýuň şöhraty
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 30 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.
Döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Berkarar döwletimiziň durmyşyň dürli ugyrlarynda gazanylýan üstünlikleri şäherlerdir obalarda durmyş maksatly desgalaryň barha köp sanlysynyň gurulmagyny şertlendirilýär. Täze-täze binalar bu günki günde bagtyýarlyk döwrümiziň görküne görk goşýar. Şolaryň hatarynda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw ,sport mekdepleri, çagalardyr ýaşlaryň hyzmatyna berilýär.
Ätiýaçlandyryş ulagamy ösüşiň aýdyň ýolunda!
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, binýady halaldan mäkäm tutulan döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň ygtybarly kepiline öwrülýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.