Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ARKADAG ŞÄHERI - “AKYLLY” ŞÄHER KONSEPSIÝASYNYŇ MILLI NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylan täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent üstünlikler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbitli işlere, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşlerine uly ähmiýet berýär.
Beýik söz ussadynyň ebedi sarpasy
Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.
Abu Aly ibn Sina - Gündogaryň beýik şahsyýeti
Ynsan özüniň ýaşan döwründe dürli ýarawsyzlyklara, kesellere duş gelýär. Her bir adam öz saglygy barada yzygiderli aladalanmasa, saglygynyň gowşap, her hili derdi-belalaryň janyna talaň salýanlygyny soň bilip galýar.
DÖWREBAP USULLAR ESASYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK
Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar.
ÖSÜŞLERE ÝARANDYR HALK BÄHBITLI ÝOLUMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.
Esasy Kanunymyz – parahatçylygyň beýany
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar.
ŞÖHRATLY GEÇMIŞE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy.
Oba hojalygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alnyp barylýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir.
Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda barha rowaç alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar.
Oba hojalygyň durnukly ösüşi - azyk bolçulygynyň wajyp şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellärliklidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.