Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
YLYM-BILIM — ÖZGERIŞLERE ŞAMÇYRAG
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösen döwletleriň hataryna girdi. Hakykatdan hem, ylym-bilimiň yzygiderli ösýändigini türkmen ýaşlarynyň halkara ylym-bilim olimpiýadalaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýandyklary hem aýdyň görkezýär. Biziň ata-babalarymyz ýurtda ylym-bilim, medeniýet we watansöýüjilik häsiýetleriniň berk binýadynyň bolmagyny hemişe arzuwlap gelipdirler.
PARAHATÇYLYK — BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetlilik ýörelgeleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilmegi diýseň buýsançlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.
ULAG ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşözgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň atabraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň.
Talyplaryň arasynda sanly ulgam arkaly bilim bäsleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda fizika, ekologiýa daşky gurşawy goramak dersleri boýunça online formatda Açyk olimpiada geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri-täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar.

Garagum - hazynaly hum
Gadymy Jeýhunyň sag we çep kenaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum çölleri türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydyr. Çöller özboluşly tebigaty, özüne mahsus ösümlik we haýwanat dünýäsi, gurak, yssy howa şerleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar.

HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZA GUWANÝARYS
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz — türkmen halkynyň goşa ganaty. Halkymyz asuda hem abadan durmuşy asyrlarboýy arzuw edip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge işjeň goşant goşýan döwlete öwrüldi.

BITARAPLYK – ROWAÇLYGYŇ KEPILI
Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler syýasatynyň progressiw ugurlylygy ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhubelentliginiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirilen döredijilikli zähmetiniň gözbaşy bolup durýar. Her bir ýurduň Konstitusiýasynyňhalkyň ykbaly, onuň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna taryh şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň binýadynda adamyň we raýatyň tebigy hem mizemez hukuklarydyr azatlygy goýlandyr.
ARKADAGYŇ SYÝASATY – BERKARARLYGYŇ GÖZBAŞY
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenip, türkmeniň täze taryhyny altyn setirleri bilen bezeýär. Şan-şöhraty dünýä dolan bagtyýarlyk za-manamyzda üstünlikli amal edilýän döwletli tutumlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen parasatly sözlerinde öz beýanyny tapýar.

BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmegi,medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi uly ähmiýete eýedir.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda köpsanly halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilip durulýar.
BILIM – HÄZIRKI DÖWRÜŇ ÖSÜŞ GURALY
Berkarar döwletimiziň bagtyyarlyk dowrunde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçiryan öndengörüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.