Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
161705b85bf300.jpeg
4 ýyl ozal
Berkarar döwletimiziň milli ýörelgeleri

Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly  başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.

1616f0b82e1594.jpeg
4 ýyl ozal
HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞLI ÝOLLARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Munuň netijesinde, goňşy döwletler bilen medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

1616dbd88b32e9.jpeg
4 ýyl ozal
SANLY ULGAMA GEÇMEGIŇ KONSEPSIÝASY

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, täze iş orunlaryň döredilmegine gönükdirilen işleriň arasynda döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

160d4e1e98d126.jpeg
4 ýyl ozal
Ýüzärlik - müň bir derdiň dermany

“Eger çölde azaşaýsaň, ýüzärlik köpçykyberse, ýa-ha öňüňden guýy çykar, ýa-da obaçylyk” diýip ýaşuly adamlar ýönelige aýtmaýalar. Diýmek ol oturymly ýerlerde bitýär. Dag eteginde, düzlikde, toýunly, çägesow toprakda ösýär. Bu ösümlik ýurdymyzyň köp ýerlerinde gabat gelýär. Giň ýaýranlygy üçin halkymyz ony adraspan, ýüzärlik,üzärlik iswent diýip atlandyrýar.

160d4c9d50e7d0.jpeg
4 ýyl ozal
“TÜRKMENIŇ AK ÖÝI” BINASY

Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat merkezinde gurlan täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

4 ýyl ozal
“LAÇYN” NYŞAN AK GUŞ GELÝÄR PEL-PELLÄP

Wagt şeýle bir çalt geçýär, onuň nädip geçenini duýman galýarsyň. Şonda ömrüň manysy hakda oýlanmaga mejbur bolýarsyň. Ömrüň manysy ynsanyň ýaşan ýaşyna bagly bolman, eýsem onuň durmuşda galdyran yzlaryna baglydygyna  göz ýetirýärsiň. Şonda kalbyňda halkyňa, Watanyňa ak ýürekden hyzmat edip, il-güne öz ýagşylyklaryňy galdyrmaga bolan hyjuw oýanýar.

16464a86faf79f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Esasy Kanuny – baky berkararlygymyzyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.

165a6c5ab1f718.jpeg
1 ýyl ozal
ÝAŞ NESLIŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KITABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünliklere beslenen ýyllaryndan biri bolan 2023-nji ýyl bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda, hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.

165c6f7dc1a2d5.jpeg
1 ýyl ozal
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi.  Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň sazlaýjysy diýen wezipe Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa geçirildi, «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany bolsa Änew şäheriniň häkimi Röwşen Jumaýewe gowşuryldy.

165c6f97de63a8.jpeg
1 ýyl ozal
ÇEPER SÖZÜŇ ÄGIRDI – MAGTYMGULY PYRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.