Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ekologiýa taýdan arassa, ak mermere beslenen binalary bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary dünýä ülňülerine laýyklykda, milli binagärlik ýörelgelerimiz bilen sazlaşýar.
Asudalygyň hem rowaçlygyň ýoly bilen
Parahatçylyk, agzybirlik adam üçin tapylgysyz gymmatlykdyr. Parahatçylyk, dost-doganlyk ynsany bagtyýar edýän gymmatlyk bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bu ýylyň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bolsa parahatçylyk ýörelgesiniň dünýädäki ykrarnamasyna öwrüldi.

Geňeşli biçilen don gysga bolmaz
Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr.

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” – ÝÜREKLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir güni şatlykly waka beslenip geldi. Türkmenistan döwletimiziň merjen paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan baýramçylyk sowgady - neşir edilen “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Täze eseriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal meşhur kitaplarynyň hataryny artdyrandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň özeni
Eziz Watanymyzyň täze taryhyny esaslandyran milli garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.

ASUDALYGYŇ KEPILI
Mälim bolşy ýaly, her ýylda giň gerimli “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–— ömrümiziň rahatlygy” atly köpçülikleýin çäräniň dowamynda ilat arasynda, şol sanda bilim edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň öwredilmegine, ýol-ulag hadysalary bilen baglylykda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝA
Hormatly Prezidentimiz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.

HEREKET HOWPSUZLYGY UGRUNDA
Dünýä ýüzünde düzgünleşdirilen ýol hereketiniň edep kadalaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap düzgünler we talaplar bilen utgaşdyryp ulanmak, berjaý etmek zerurlygy artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda iki gyrasyna dürli baglar jäheklenen giň, owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly ulaglar yzygiderli hereket edýär.

SAGDYN durmuş – BAŞ ÝÖRELGÄMIZ
Ösüşli menzillere tarap barýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Saglyk adam üçin iňňän uly baýlyk hasaplanýar. Raýatlarymyzyň daş-töweregimizdäki ýokanç keselleriň zyýanly täsirlerinden, kesel ýaýradyjy tozanjyklardan goranmaklary, şeýle-de möwsümleýin ýokuşýan keselleriň öňüni almak üçin ýurdumyzyň saglyk ulgamynda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýar ýaşaýşyň ýurduna öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni baýdak edinip, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň syýasy durnuklylygyny, ösüşini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.