Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TDG-NIŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
AŞGABATDA TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
TÜRKMENISTAN AWSTRIÝA BILEN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRÝAR
11-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşyk geçirdi-diýip, TDIM-niň resmi web sahypasynda habar berildi.
SERDAR BERDIMUHAMEDOW HÄKIMLER BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji martda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
DÜNÝÄ BELLI BEÝIK ŞAHYRY
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň goldawy bilen, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Ata Watanymyz bagy-bossanlyga beslenýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary esasynda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çärede saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň müňlerçe düýbi ekiler.
Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanylmaga berildi
13-nji martda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän ýyllyk kuwwaty 1 million tonna bolan sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu zawodyň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-dan 194 synçy gatnaşar
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-dan 194 synçy gatnaşýar. Bu barada synçylar toparynyň başlygy Ilhom Nematow RF-niň Prezidentiniň saýlawlarynda bu ýurduň «Nowyýe lýudi» («Täze adamlar») partiýasyndan dalaşgär Wladislaw Dawankow bilen duşuşykda habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.