Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Häzirki zaman logistika ulgamy
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
kitaplar - halkymyzyň ruhy baýlygy
Hormatly Prezidentimiziň baý many-mazmuna eýe bolan dürli mowzuklarda ýazan eserleri bu günki gün ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň iň söýgüli kitaplaryna öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiziň her bir kitabynda terbiýeçilik ähmiýetli, türkmen halkynyň edim-gylymlary barada giňden söhbet edilýär.
Sanly ulgamyň gerimi giňeýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Şunda dünýä tejribesinden ugur almak bilen döwrüň talaplaryna kybap gelýän özgertmeler amala aşyrylýar.
dünýäniň manysy kitapdan başlanýar
Milli Liderimiziň çäksiz aladalary bilen ýurdumyzda milli medeniýetimize, sungatymyza aýratyn ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy geljekki ýaş nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
HAZARDAN UZAÝAN ÖSÜŞ ÝOLLary
Gülleýän Türkmenistan döwletimiz dünýäniň köpsanly ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Aziýa hem-de Ýewropa yklymlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen sebitiň ulag gatnawlarynda möhüm orun degişli bolan ulag ulgamymyz günsaýyn özgerýär.
demokratik özgertmeleriň ýurdy
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi we onda möhüm başlangyçlaryň, teklipleriň öňe sürülmegi taryhy waka öwrüler.
parahatçylygyň we ösüşiň özeni
Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr.
Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý...
Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry Baýram han Türkmen Nowruz şagalaňyny şeýle suralandyrýar:
Ösüşleri şöhlelendirýän sergi
Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramynyň ulydan baýram edilýän günlerinde, ýaz paslynyň hoştap howasynyň joşgunyny artdyryp, geçirilýän dabaralar her bir türkmen raýatyny ruhybelentlige besleýär. Şeýle çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi aýratyn orun eýeleýär. Söwda-senagat edarasynda guralan bu özboluşly sergi ähli aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.
Döwrebap bilim - kämillige badalga
Bilşimiz ýaly, ýaz paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergi öz işini gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki döwürde telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda ähli zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.