Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
SANLY ULGAM ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Goşa mukaddesligi — Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ýürek buýsanjyna öwren halkymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň şeýle yglan edilmeginde uly many bar. Çünki halkara gatnaşyklaryň garaşsyz subýekti hökmünde Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmegiň nukdaýnazaryndan, Bitaraplyk ýagdaýynyň strategik ähmiýeti diýseň uludyr.
Berkarar döwletimiziň beýik özgertmeleri
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Watanymyzyň uzak we eşretli geljegini nazarlaýan hormatly Prezidentimiz ylmy gymmatly hazyna deňän ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Ylymsyz bir ýaşar, ylymly - müň”, ylmy ösdürmek boýunça başlan işlerimiziň geljegimiziň berk binýadydygyny, döwletimiziň gülläp ösmeginiň kepilidigini belleýär.
BAŞ KANUNYM, ÝAŞYL BAÝDAGYM
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni bilen bile bellenilmeginde uly many bar. Ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.
YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini görýäris, bularyň her biri röwşen geljegimizi üpjün edýär.
Mertler kalbymyzda baky ýaşaýar
Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg... ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.
“WATAN GAHRYMANLARY ÝAŞLAR ÜÇIN NUSGADYR”
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar.
Syrly galanyň taryhy ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Änew - müýyllylyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni halynda hem giňişleýin gürrüň edilýär.
BAGTYÝAR NESIL – ÝURDUŇ RÖWŞEN GELJEGI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär.
Bu toprakda Watanynyň şan-şöhratyny beýgelden gahrymanlar bar
Dünýäniň parahatçylyk söýüji halklary 1941 — 1945-nji ýyllarda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygyny uly dabara bilen belleýärler. Şol kyn günleri egni bilen çekenlere, adamzadyň abadan, parahat ýaşamagy üçin söweşenlere, şeýle-de tylda ahlak mertligini görkezenlere uly sarpa goýulýar. Uruş weteranlary, urşuň yzynda galan şol döwrüň gelinleri — häzirki günüň kümüş saçly eneleri maý güllerinden boglan çemenler bilen gutlanylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.