Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
168539dd084cbc.jpeg
8 aý ozal
YNSAN ÝAŞAÝŞYNA YLYM DERWAÝYS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär.

168539c193175c.jpeg
7 aý ozal
INNOWASION ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

168539a7c2ea6b.jpeg
6 aý ozal
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.

1685309d37ebff.jpeg
7 aý ozal
Geçmişden geljege ruhy köpri

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

167f5f6f2aeafe.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.

1679078b87d497.jpeg
1 ýyl ozal
MAGTYMGULY PYRAGY TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY HEM-DE AKYLDARY

Ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.

167ed0876060b9.jpeg
7 aý ozal
PARAHATÇYLYGY HEM-DE DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN ÝÖRELGE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.

16958ca9b5c861.jpeg
5 aý ozal
KÄMIL BILIM – BAGTLY GELJEGE ŞAMÇYRAG

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

16852409f4f197.jpeg
1 ýyl ozal
Milli medeniýetiň ösüş ugurlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

168517556d8c75.jpeg
7 aý ozal
BIOLOGIKI KÖPDÜRLILIGI GORAMAK UGRUNDA TAGALLALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.