Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
NOWRUZ GELDI ILIME
Bahar paslynyň gelmegi bilen daş töwerek bagy bossanlyga öwrülýär. Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona pürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär.
BAHAR SAZLAŞYGY – ZEMIN ÝARAŞYGY
Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy - ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar.
ÝYLYŇ GELŞI NOWRUZYNDAN BELLI
Nowruz - ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär.
BITARAP DÖWLETIŇ YKDYSADY BAŞLANGYÇLARY
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etmekden ybarat bolup durýar.
BITARAPLYK HUKUK ÝAGDAÝYNYŇ YKDYSADYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINDÄKI DURNUKLY DEPGINLERI
Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli üstünliklerimiziň esasy we mizemez daýanjydyr.
BITARAPLYK — BEÝIK GYMMATLYK
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip her bir işde öz halkyna daýanýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýar, halkymyz bagtyýar durmuşda döwran sürýär. Berkarar ýurdumyzyň täze taryhy döwri ösüşlere we özgertmelere beslenýär.
TÜRKMEN BITARAPLYGY — YNSANPERWERLIK
Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt hadysadyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamakdyr, arkaýyn zähmet çekmek we erkana nesil ýetişdirmek mümkinçiligidir.
Bag ekmek — ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.
ENE DILIM, ŞIRIN DILIM, ZYBANYM
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ylym-bilim, edebiýat hem ösdürilipdir we gymmatly golýazma çeşmeleri miras galypdyr. Hut şeýle golýazma çeşmeleri, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly hazynasy ene dilimiziň baýlygydyr, çünki dil baýlyklary nusgawy edebiýatlarda, kitaplarda saklanýar, halkyň sözleýşinde ösýär, özgerýär.
SANLY BILIM ULGAMY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.