Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÖWREBAP ÖZGERTMELERI
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhümişler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyzlygyň bagtyýar ýaşlary
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz mukaddes baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýär.
SEBITLEÝIN ÖSÜŞE TÄZE ITERGI
2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda geçiren maslahaty hem halkara horumyň üstünlikli geçjekdiginiň beýany boldy.
Awaza – myhmansöýerligiň mekany
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) 4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurda öz aýratyn maksatlaryny beýan etmek hem-de durnukly ösüş üçin umumy garaýyş döretmäge mümkinçilik berer.
HALKARA MASLAHATA BARÝARYS
Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha özüne çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýene-de sanlyja günden bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler.
DURNUKLY ÖSÜŞLERE BADALGA BERJEK HALKARA MASLAHAT
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi we dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Döwletli maslahat – oňyn tejribeler
Dünýäniň çar künjünden myhmanlary garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan gözel Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guraljak möhüm çäreleriň biri-de Parlament forumy bolup durýar.
Halkara foruma ýokary derejede taýýarlyk
Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.
Awaza — täze mümkinçilikleriň we başlangyçlaryň merkezi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de bitaraplyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Awaza forumy – parahatçylygyň we dostlugyň maslahaty
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljak hem-de halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyny nazarlaýan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty barha ýakynlaşýar. Bu iri foruma taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatdaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreler toplumynyň ýedi esasy ugry öz içine alýandygyny beýan etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.