Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
MALAÝZIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler.
Täze ýyl arçasy halkymyza nur saçdy
Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
MALAÝZIÝA HALKLARY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY
Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
PAÝHASA ÝUGRULAN NUSGALYK GOLLANMA
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen topragynyň baý we şöhratly taryhyny dünýä ýaýmak baradaky tagallalaryň ähmiýetini il-ulsumyza düşündirmek hem-de şu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak asylly ýörelgämiz bolup durýar. Türkmen halkynyň özüne mahsus taryhy, medeniýeti, adamzat medeniýetine goşan goşandy - maddy we maddy däl gymmatlygy bar.
DUTAR - SYRLY SENET
Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalpaklarda-da, gyrgyzlarda-da, uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda bar. Emma olar bir-birlerinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar.
BASKETBOLYŇ TARYHYNDAN
Basketbol oýny – 1891-nji ýylda oýlanyp tapylan sportuň deňeşdirerlikli täze görnüşi bolupdyr. “Basketbol” sözi iňlis dilinde “basket”-sebet, “ball”-top diýmegi aňladypdyr. Häzirki wagtda bolsa bu oýun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sportuň iň meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi.
MILLI MIRASYMYZYŇ AJAÝYP GYMMATLYKLARY
Tebigat türkmen halkynyň ruhy durmuşynyň gönezligi, döredijilik dünýäsiniň ylham çeşmesi hasaplanylýar. Ol özüniň gözelligi, köpdürlüligi, täsinligi bilen halyçylygy özüne kesp-kär edinen türkmen zenanlaryny maýyl edip, sungat eserini döretmäge ýardam edýär. Adamzat jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň süňňüne ornaşan tebigatyň bu gözellikleri zenanlarymyzyň kalbyndan joşup çykyp, türkmen halylarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.