Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
WELOSIPED SPORTY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk köpçüliginiň ünsüni sagdyn durmuş ýörelgesine giňden gönükdirilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda ata Watanymyz Türkmenistan milli we halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportuň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurda öwrüldi.
PARAHATÇYLYK HEM-DE HOŞNIÝETLILIK - BEÝIK ÖSÜŞLERINIŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz maksatnamasynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetiň iň işjeň bölegidigini, şol işjeňligi ýurdumyzy ösdürmek baradaky beýik işlere gönükdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtapdy.
EKOULGAMYŇ GORAGYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.
PARAHATÇYLYGYŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ ÝOLY
Halkymyz agzybirlik, adalatlylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaýdýar. Bu gün parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir.
il saglygy — ýurt baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurlan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleridir obalarynyň bezegine öwrüldi.
ENE DILIM – PEDERLERDEN SERPAÝYM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar.
MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek.
SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işlere badalga berýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly wajyp wezipeleri öňe sürmegi, bu öňdebaryjy ugruň ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna mümkinçilik berer.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.