Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.
Abu Aly Ibn Sina – görnükli alym we lukman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz, alymlarymyz, şahyrlarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukmany Abu Aly Ibn Sina hem şöhratly taryhymyzyň ady belli şahsyýetlerinden biridir.
ARKADAG ŞÄHERI – GELJEGIŇ ŞÄHERI
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
ÝAŞLAR - WATANYŇ GELJEGI
Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir.
ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE MILLI ÝÖRELGELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär.
ÜZÄRLIGIŇ DERMANLYK ÄHMIÝETI
Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda tebigy derman serişdesi hökmünde keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar, ýagny ol ýokary dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege sökelliklerinde, deri sökelliklerinde, ýürek we gan-damar kesellerinde giňden peýdalanylýar. Türkmen halkynyň täze jaýa göçmek, gelin edinmek ýaly milli toý däp-dessurlarynda hem üzärlik tütetmek däbi berjaý edilýär.
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÖSÜŞLERIŇ GIREWI
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine ähmiýet berýär. Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
TUTUŞ ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, halkara abraýyny berkidip, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Bu günki günde ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde giňden goldanylýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly wagyz edilýär.
BITARAPLYGYŇ TÜRKMEN NUSGASY
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.