Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
165ddd69626aa0.jpeg
8 aý ozal
Beýik söz ussadynyň ebedi sarpasy

Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.

165ddd5d77991b.jpeg
8 aý ozal
ARKADAG ŞÄHERI - “AKYLLY” ŞÄHER KONSEPSIÝASYNYŇ MILLI NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylan täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent üstünlikler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbitli işlere, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşlerine uly ähmiýet berýär.

165dc8d7bc749c.jpeg
8 aý ozal
“GYZ EDEBI - IL EDEBI”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir.

165d9d4d9208cf.jpeg
9 aý ozal
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.

165d5976776c2a.jpeg
9 aý ozal
ÝAŞLAR - WATANYŇ GELJEGI

Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir.

165d596af5027f.jpeg
9 aý ozal
Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy

Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr.

1642c70a437f1e.jpeg
4 aý ozal
Saglyk – bahasyz baýlyk

Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir.

165fa6d85c5c4f.jpeg
8 aý ozal
ÖSÜŞLERE ÝARANDYR HALK BÄHBITLI ÝOLUMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr.

16397227daefae.jpeg
1 aý ozal
Saglyk – ruhubelentligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda  giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.

165f182988c17f.jpeg
1 aý ozal
DERMANLYK ÖSÜMLIKLERINIŇ GADYMY MEKANY

Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.