Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ÝURDUŇ IŇ GOWY ETRABY
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edildi hem-de 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.
«PETRONAS ÇARIGALI» KOMPANIÝASY IŞE ÇAGYRÝAR
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy boş iş orunlary boýunça bäsleşik yglan edýär:
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummany
Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, söz sungatynyň görnükli wekili, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň edebiýatyna däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna bimöçber goşant boldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýakymly owaza öwrülip, köňüllere şirin mukam bolup ýazylýar.
Magtymguly Pyragy kalplaryň aýnasy
Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar.
Magtymguly Pyragynyň ýaş nesli baradaky goşgulary
Ýaş nesli terbiýelemekde iň wajyp usullaryň biri hem şahsy göreldedir. Magtymguly ynsan perzendiniň ata-enesine nähili sarpa goýmalydygy barada nusga bolan şahyrdyr. Türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgä görä, çaga heniz aga-gara düşünip-düşünmänkä, ene-ata, il-ulsa, tebigata, Watana söýgi duýgusy bilen terbiýelenýär.
“Türkmenhowaýollary” agentliginde bäsleşik geçirildi!
Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ylymly-bilimli, başarnykly hünärmenleri seçip-saýlap almakda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda ýakynda bäsleşik geçirildi.
PAÝTAGTYMYZDA AWTOULAG HYZMATY KÄMILLEŞÝÄR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bu günler özüniň esaslandyrylan gününiň 140 ýyllygyny dabaralandyrmak çäreleriniň çäklerinde toýa beslenýär. Bu toýuň döredýän duýgulary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna aýratyn röwüş berýär.
Halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlar, hususan-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda dostluk duýgularyna ýugrulan hoşniýetli gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär.
«AŞGABAT SITI» - GELJEGE GÖNÜKDIRILEN IRI TASLAMA
Hormatly Prezidentimiziň uly rowaçlyklara eýe bolýan şähergurluşyk syýasatynda ýurdumyzyň ýüzüniň tuwagy bolan gözel paýtagtymyz Aşgabady dünýäde ösen, döwrebap şähere öwürmäge aýratyn ünüs berilýär. Arkadag Prezidentimiziň baş şäherimiziň demirgazygynda Aşgabat sitini gurmak baradaky başlangyjy hem ildeşlerimizden uly buýsanç duýgusyny oýardy.
TÜRKMENBAŞYNYŇ HALKARA DEŇIZ PORTY 1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ URŞY ÝYLLARYNDA
Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda beýleki döwletler bilen birlikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkemegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly kemala getirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dürli geçelgeleri, ýollary gurmak başlangyjy bilen çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.