Türkmen halkynyň buýsanjy ahalteke bedewler

24-04-25

Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.

Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. lkinji nobatda, türkmen tebigatynyň, ata-babalarymyzyň maksadaokgunly, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen kitabynda bellenip geçilişi ýaly, howsalaly, garaşylmadyk ýagdaýlaryň türkmeniň häsiýetinde hüşgärligi döredişi ýaly, onuň atlarynyň häsiýetinde hem duýgurlygy, hüşgärligi terbiýeläpdir. Howanyň mylaýymlygy, ot-iýmiň bolelin şertlerinde öz ugruna aýlanyp duran durmuş bu atlaryň ýüwrüklige we çakganlyga, duýgurlyga we ýeňil gopup-galmaga, şu esasda nerw ulgamynyň ýokary derejede kämil ösmegine itergi beripdir.

Ahalteke bedewleriniň ýorgalap ýöreýşi, hereketiniň çeýeligi, onuň üstündäki çapyksuwary hiç hili ýadatmaýandygy dünýäniň atşynaslaryny haýran galdyrýar.Ahalteke bedewleriniň reňkiniň kemala gelmeginde hem türkmen tebigatynyň we oňa Gün şöhlesiniň düşmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki gamyşgulak bedewiň derisiniň astyndan geçýän gan damarlary beýleki tohum atlara görä has gür ýerleşýär. Bu bolsa deriniň iýmitlik maddalar bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, deriniň önümi bolan tüýde madda çalşygynyň has güýçli geçip, reňk emele getiriji pigment öýjükleriň işjeň döremegine ýardam berýär. Günüň nurly şöhlesi deride emele gelýän ýag damjalarynyň mukdaryny sazlamak bilen, bedewlere mahsus owadan ak, mele, dor, boz ýaly reňkleriň has öwüşginli bolmagyna getirýär. Şeýle-de bedewleriň reňkiniň emele gelmegine onuň iýýän iýmiti hem uly täsir edipdir.

Behişdi bedewlerimiziň beýleki häsiýetleridir daşky görnüş  alamatlary halk seçgisiniň netijesidir. Ussat seýisler bolan ata-babalarymyz ahalteke atlarynyň boýunyň uzyn bolmagyny olara iýmiti ýörite gazylan çukurjyklarda bermek bilen, döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegini, gapyrgalarynyň çeýe we tekizligini taýçanaklaryň arkasyna belli bir agramdaky ýüki dürli görnüşde berkidip, çalt ylgamakda tälim bermek arkaly gazanypdyrlar.

Görşümiz ýaly, türkmen halkynyň sünnäläp sungat derejesine göteren, şöhratly geçmişine, şatlykly-hasratly günlerine şaýat bolan, gardaşy hasaplanan bedewlerimiz biologik mümkinçilikleridir beden gurluşy we beden agzalarynyň sazlaşygy boýunça beýleki jandarlardan düýpli tapawutlanýar. Onuň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär.

Gahryman Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Azat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.