Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
1647b16d5c70ba.jpeg
6 aý ozal
SANLY BILIM ULGAMY– BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

1618bf454aa94a.jpeg
6 aý ozal
SANLY BILIM — BELENT ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

Gün-günden ösüşlere beslenýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

16409c0cb3201c.jpeg
3 gün ozal
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.

16801505ce3125.jpeg
6 aý ozal
SANLY BILIM ULGAMY GIŇ MÜMKINÇILIKLERI AÇÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçingiň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly.

168014f59e28fe.jpeg
6 aý ozal
OKGUNLY ÖSÜŞI NAZARLAÝAN SANLY BILIM ULGAMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiň, saýlap alan hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.

168014c5f2ad30.jpeg
1 aý ozal
BUÝAN – GYMMATLY DERMANLYK ÖSÜMLIGI

Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir.

167ed061b599dc.jpeg
1 hepde ozal
«Hakyda göwheri» ― milli mirasa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

167ff9daba3bbf.jpeg
2 hepde ozal
Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili

Ekologiýa abadançylygy-durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler  häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramakgy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

1651e9ddd6bdf2.jpeg
3 gün ozal
KITAP – PAÝHAS UMMANY

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar.

1644587504a1dd.jpeg
2 hepde ozal
WELOSIPED SPORTY — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.