Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.

TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINE BAŞLADYLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin institutymyzda uly aladalar edilýär. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.

YNSAN KALBYNA ŞÖHLE SAÇÝAN AKYLDAR
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.

ARKADAGLY WATAN — MENIŇ WATANYM
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly, şan-şöhratly berkarar Watanymyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitler eýelenýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden we pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň dowamat dowam bolup, eziz Diýarymyzyň ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.
Beýik ynamyň eýesi — ýaşlar
Mähriban Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren duşuşygy bizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Çünki bu möhüm çäre ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň döwletimiziň ünsünden bir pursatlyk hem sowa geçmeýändigini bütindünýä jemgyýetçiligine ýene-de bir ýola aýdyň aýan edýän ajaýyp waka boldy.

TÜRKMENISTANYŇ ELEKTRIK ENERGETIKA PUDAGY PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär.
Bitarap döwletimiziň halkara abraýy
Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçlaryny mynasyp amal etmek bilen, dünýä bileleşiginiň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden on bäş ýylynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň ýigrimä golaýyny kabul etdi.

Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar.
Gurýan, döredýän ýurdumyz
Ýurdumyzyň gurluşyk toplumy döwletimiziň ösüş badyna bat goşýan ulgamlaryň biridir. Muňa Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemlerine bagyşlanan bilelikdäki giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirmek bolýar.
Halkymyzyň abadanlygy ugrunda
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli başlangyçlar barha rowaçlanýar. Şonuň netijesinde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy has-da gowulanýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.