Habarlar
Habarlar
1686ded52503b0.jpeg
9 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1686b6c9531e5e.jpeg
9 aý ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.

1686b61eb5d0da.jpeg
9 aý ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýanyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Hökümetiň 4-nji iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

1686ca4abd0746.jpeg
9 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

1686b5e8515ad0.jpeg
9 aý ozal
Hankendi şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçirildi

2025-nji ýylyň 3–4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýewiň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçirildi. Bu çäre Azerbaýjanyň sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşe ýardam etmäge ygrarlydygynyň subutnamasy boldy.

1686b50e48d13d.jpeg
9 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

1686b525345b63.jpeg
9 aý ozal
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalarynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

1686b4fde46284.jpeg
9 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

1686780ac36184.jpeg
10 aý ozal
"TULM" HHR-nyň Çžetýan şäherinden ugran synag konteýner otly düzümini Türkmenbaşy deňiz porty arkaly türkmen gämisinde Baku deňiz portuna ugradylmagyny gurady

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolmak bilen, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.

168677e18b938f.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan bilen Owganystan energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.