Habarlar
Habarlar
Geljegiň nawigasion ulgamy
Rocket Lab kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen täze pes orbitadaky LEO-PNT nawigasion ulgamy üçin iki sany kiçi hemrany uçurmak barada şertnama baglaşandygyny yglan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy
Häzirki döwürde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.
Brýusselde Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini Türkmenistanda döretmek barada Ähtnama gol çekildi
2025-nji ýylyň 26–28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň 145–146-njy mejlisleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Arkadag şäheriniň şanyna
29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Sizi ýurdumyzyň taryhynda ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäher Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär
Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.