Habarlar
Habarlar
Türkiýe ýurduň portlaryna girmän, Bosfor we Dardanel bogazlaryndan geçýän gämiler üçin üstaşyr tölegi 15% ýokarlandyrýar
Türkiýäniň Ulag ministrligi Bosfor we Dardanel bogazlaryndan gämileriň üstaşyr geçmegi üçin tölegiň möçberini hasaplamak üçin ulanylýan şertli birligiň bahasyny 1-nji iýuldan başlap 14,7% göterim ýokarlandyrjakdygyny yglan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ 5G ulgamyny ösdürmekdäki orny
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Özbegistanyň milli emeli aň modeli dörediler
Özbegistanda ilkinji milli emeli aň modeli işläp taýýarlanylýar. Ulgam häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda düzüler, emma şol bir wagtyň özünde ýurduň medeniýetini, gymmatlyklaryny we taryhy mirasyny şöhlenendirer. Özbegistanyň milli emeli aňy, esasan hem, ýaşlaryň arasynda täze pikirleriň we döredijeligiň platformasy bolar.
Aşgabat Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezine öwrüldi
Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) sebitleýin okuw merkeziniň derejesini aldy. Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama 2025-nji ýylyň 26–28-nji iýunynda geçirilen guramanyň geňeşiniň 145–146-njy sessiýasynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Ilon Mask täze Grok 4 AI-modelini yglan etdi
Ilon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.