Habarlar
Habarlar
16400c1d026a78.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

16400c09e7d937.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen «DAI Global LLC» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

16400bbb875989.jpeg
1 ýyl ozal
Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.

1640c9c67eb71a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

16400bdbbd24b4.jpeg
1 ýyl ozal
«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça nyrhlary arzanlatdy

«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan awtoulaglary daşaýan we ýolagçylary gatnadýan «Berkarar» we «Bagtyýar» paromlarynda Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça awtoulaglar üçin dahylsyz taraplara ýeňillikli nyrhnamalary güýje girer. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynda habar berildi.

164002db58ef2d.jpeg
1 ýyl ozal
Baku porty Türkmenbaşy we Aktau şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýdy

Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň Türkmenbaşy we Gazagystanyň Aktau şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy. 

1640969d48a351.jpeg
1 ýyl ozal
Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi.

16409677c47b20.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

163ff710f2d443.jpeg
1 ýyl ozal
«LEBAPAWTOULAG» ÖNÜMÇILIK BIRLEŞIGINDE ÝEŇIL TAKSI AWTOULAGLARYNYŇ SANY KÖPELDI

Türkmenabat şäheriniň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak, ulag aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek, taksi ulaglaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen 85 sany häzirki zaman ýeňil maşyn gelip gowuşdy. Bu buýsançly waka şäher ilatymyzyň  kalbynda ýatda galyjy waka öwrüldi. Dünýäniň soňly gazananlary ornaşdyrylan ak reňkli ýeňil awtoulaglar ir säher bilen, milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi bilen ýola rowana boldular. Olara ak ýol arzuw edildi.

16409628fbe148.jpeg
1 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.