Habarlar
Habarlar
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek baradaky üçtaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň başlygy bilen Halkara Transport diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasyndaky duşuşygyň esasy temasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen Bir penjire ulgamy boýunça tejribe alşylydy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.
Daşoguzda sürüjiler üçin täze mekdep işläp başlar
Hazirki wagtda Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Hakyda göwheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýekşenbe güni Hytaýyň Syçuan sebitindäki Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.