Habarlar
Habarlar
163f6ee41359bf.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

16510079586462.jpeg
1 ýyl ozal
TOÝLARY TUTUMLY GELJEGI AÝDYŇ

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 32 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkala­şykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.

163f468d029482.jpeg
1 ýyl ozal
Gämili ýük daşalyşda ýeňillikli tarifler döredilýär

«Azerbaýjanyň Kaspi deňiz gämi ýük gatnawy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça awtomobilli ýükleriň gämiler arkaly daşalyşynda arzanlaşyk yglan edýär. «Azertag» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, ýük daşalyşyndaky täze tarifler 1-nji martdan güýje girýär.

163f6ec17e65a1.jpeg
1 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.

163f58bec7c580.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açar.

163f458d491daa.jpeg
1 ýyl ozal
Halkara ýük daşamalary üçin Gümrük edaralary tarapyndan ýeňillikler berilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna» laýyklykda hereket edýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň «TIR-EPD» maglumat ulgamyny, Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyrdy. Bu barada «customs.gov.tm» habar berýär.

163f588de867b8.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-NIŇ öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

163f30a500aa89.jpeg
1 ýyl ozal
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda 2023-nji ýylyň fewral-mart aýlary aralygynda Moskwadan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine uçuşlaryň tertibini çap etdi.

163f456870967b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi.

163f302163c510.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariaty özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.