Habarlar
Habarlar

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy «Challenge Airlines»-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri öwrenilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar
«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň «Älem TV» emeli hemra telewideniýe operatory 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýetirilýän teleýaýlymlaryň bukjalarynyň bahasynyň arzanladylýandygyny habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlaryndaky «Türkmenistan» awiakompaniýalarynyň häzirki uçuş tertibi belli boldy.

Aşgabat — Arçman — Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi
«Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar üçin has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Aşgabat — Arçman — Aşgabat gündelik awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi.

Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «akylly» Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti
4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Merkezi bank: «Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sanyny artdy»
2023-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýan 990 776 ulanyjy hasaba alyndy, munuň özi geçen iýun aýynyň başyndaky görkezijiden (983 717 ulanyjy) 0,7 göterim köpdür diýip, «Trend.az» Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berdi.

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär
Şu gün, 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.