Habarlar
Habarlar
ÝOL SÖZI BARADA
“Türkhowaýollary” oktýabr aýynda Türkmenistana 14 ýörite gatnawy amala aşyrmakçy
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, kompaniýanyň oktýabr aýynda amala aşyrmagy meýilleşdirýän Türkmenistan ugurly ýörite gatnawlary barada maglumatlary ýetirýäris. Awiakompaniýadan bize gelip gowşan habara görä, oktýabr aýynda 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberleri bellenildi
Awtoulag serişdeleri arkaly eksport-import edilýän we üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döredilýär
Türkmenistan we BAE port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Daşoguzda ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy jemleýji tapgyrda alnyp barylýar
Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň sahypalarynda habar berilýär.
Türkmenistan daşary ýurtlaryň awtoulaglarynyň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberine üýtgetmeler girizer
Türkmenistan «Türkmenistanyň gümrük serhedinde döwlet edaralarynyň işini tertipleşdirmek we daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakynda» Karara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi.
ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM
SANLY MAGLUMAT WE DOLANDYRYŞ ULGAMY
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, bilime sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Özbegistan bilen Eýran Türkmenistanyň üstünden awtoulag ýük gatnawyny dikelder
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy.
Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 53,4 göterim ýokarlandy
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 53,4 göterim ýokarlandy. Bu barada “China Daily” gazeti Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.