Habarlar
Habarlar
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyraga bagyşlanan şygryýet agşamy geçirildi
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan şygryýet agşamy ýurdumyzda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygara we beýik türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler
Ýaponiýada 6G-interneti üstünlikli synag etdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Täze ulgamyň maglumatlaryň geçirijiligi 5G-internetden 10 esse ýokarydyr we sekuntda 100 gigabite deňdir. Bu bir sekuntda 8 filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär diýip, hünärmenler aýdýarlar. Olar tehnologiýanyň häzirlikçe synag nusgadadygyny belleýärler. Onuň işe girizilmegi şu onýyllygyň aýagynda mümkin bolar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Braziliýada howa menzilini we uçarlary suw basdy
Braziliýanyň Portu-Alegri şäheriniň Salgadu Filýu howa menzili güýçli ýagyşlardan soňra suwa gark boldy. Bu barada «CNN Brazil» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Kasym-Žomart Tokaýew ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni Moskwada geçirilen Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň (ÝÝYG) 10-njy mejlisinde Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Hormatly Prezidentimiziň söýgüsinden, yhlasyndan, döredijilikli zehininden, binagärlik ukybyndan täze keşbe eýe bolýan Aşgabat dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülýär. Binalary ak mermere, goýny goýry baglara, çarbaglary gül-çemene bürenen paýtagtymyzyň keşbinde päklik, goýnunda bagtyýarlyk orun tutup, gujagynda yşk, ýaşlyk, gujur-gaýratlylyk hem gözellik joş urýar. Bu gün türkmen halky 144 ýaşy arka atýan Aşgabadyň nuranalyga, gözellige ýugrulan keşbinden ylham alýar.
Özbegistan we Mongoliýa ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy we reýtingler müdirliginiň ýolbaşçysy Awazbek Sultanow Mongoliýanyň Ulag we ýollaryň ösüşi ministrliginiň Syýasat hem meýilleşdiriş müdirliginiň başlygy Bolor Erden bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Trend» habar berdi.
Türkmenistan we Türkiýe Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň” taslamataslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar
9-njy maýda ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.