Habarlar
Habarlar
Şu ýylyň ýazynda Belarusyň ýüklerini Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça daşamak synag edilip başlanar
Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan oblastynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-de önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maýa goýum mümkinçilikleri Brýusselde tanyşdyrylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol boýunça ýük gatnawy rekord görkezijä ýetdi
Hytaýyň Urumçy şäherinde ýerli hünärmenler bilen Gazagystanyň demir ýol dolandyryjylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde bilelikdäki işleriň netijeleriniň jemlenendigini «inbusiness.kz» habar berýär.
Türkmenistan we Eýran sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garadylar
Türkmen-eýran döwlet serhetlerinde ýerleşýän “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadynda golaýda geçirilen duşuşykda sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan “Balkan” gämigurluşyk zawodynda gurlan täze gämileri kabul etmekçi
Türkmenistan ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan gämileri kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Russiýanyň ulag kompaniýalaryny halkara gatnawlaryna kabul etmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan ýerli ulag kompaniýalaryny halkara ýol gatnawlaryna kabul etmek üçin döwlet hyzmatlaryny bermegiň möhleti 20-den 5 iş gününe çenli azaldylar. Bu düzgüniň Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken karary bilen tassyklanandygyny ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Geçen ýyl Bakudan üstaşyr daşalan nebitiň 17,4%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär
2023-nji ýylda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,4 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär.
Ýaşulularyň göreldesi — ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemegiň binýady
31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.