Habarlar
Habarlar
Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi
Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.
Howa giňişligi bilen aragatnaşykda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz halal we döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyna mynasyp goşandyny goşýan zenanlar juda kän. Her bir dogýan Günüň ak säherini alnyňa sylyp, eşretli durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň howa ulaglary pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak paýynyň nesibäňe düşmegi bagtyýarlykdan nyşandyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Gazagystan Hazar deňzindäki iki portyny Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalaryna dolandyrmak üçin bermäge taýýar
Habarda dolandyrmak üçin bermegiň «ship-or-pay» şerti esasynda amala aşyryljakdygyny aýdylýar. Mundan başga-da, Gazagystanyň hökümeti Hazar deňzinde konteýner merkezini döretmegi meýilleşdirýärler. Ozal Gazagystanyň ýurduň ähli howa menzillerini dolandyryş üçin ýewropaly maýadarlara geçirmäge taýýardygy habar berlipdi.
Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin tölegleri kämilleşdirmekçi
Ýaňy-ýakynda awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly tölegler we tutumlar meselesi boýunça Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Uzdaily» habar berdi.
Watanymyzy gülledip ösdürmek — döwlet maksatnamalarynyň baş ugry
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, halk hojalygynyň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň döredijilikli mazmunyny açyp görkezdi.
Daşkentde asma ýollaryny jemgyýetçilik ulagy hökmünde ösdürmek teklip edilýär
Hytaýyň Şençžen şäherinde Özbegistanyň wekiliýeti “Beijing North Bartholet Ropeway Technology Co.,Ltd.” kompaniýasynyň wekilleri bilen asma ýol taksilerini jemgyýetçilik ulagy hökmünde ösdürmek boýunça taslamany işe girizýän maýa goýum ylalaşygyna gol çekdi.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satyp başlady
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan Aşgabat – Kuala Lumpur – Aşgabat, 16-njy fewralyndan Aşgabat – Jidda – Aşgabat, 5-nji martyndan Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, 6-njy martyndan Aşgabat – Milan – Aşgabat ugurlary boýunça halkara uçuşlaryň açylýandygy barada habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
2023-nji ýylda Astrahanyň deňiz porty ýük daşamakda rekord görkezijä ýetdi
2023-nji ýylda Russiýanyň Astrahan deňiz porty ýük daşalyşyny bir ýarym esse artdyrmak bilen bu babatda soňky 10 ýylda iň ýokary ýyllyk görkezijä ýetmegi başardy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.