Habarlar
Habarlar
Gazagystanda täze halkara söwda-logistika merkezi açyldy
Gazagystan bilen Hytaýyň döwlet serhedinde täze halkara söwda-logistika merkezi öz işine başlady. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi mälim edýär.
Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maýa goýum mümkinçilikleri Brýusselde tanyşdyrylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi
18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
Türkiýeli astronawt kosmos giňişligine çykdy
ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasyna degişli kosmos gämisi Florida ştatyndaky NASA edarasynyň Kennedi kosmos merkezinden kosmos giňişligine uçuryldy. Bu kosmos gämisinde Türkiýe Respublikasynyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bar.
Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylary üçin wiza tertibini ýönekeýleşdirjek şertnamany taýýarlaýar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýük daşaýjylaryndan halkara awtomobil gatnawlary üçin alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Saglygy goraýyş we sport ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
“Galaxy S24” tanyşdyryldy
“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S24” seriýasyna degişli smartfonlary tanyşdyrdy. Ýapon kompaniýasy “Google” bilen bilelikde “Gemini” atly emeli aň tehnologiýasyny telefona ornaşdyrdy. Şeýlelikde koreý brendi “Galaxy AI” atly emeli aň tehnologiýasyny smartfony ornaşdyryp, bu ugurda dünýäde birinji boldy.
Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan daşary, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary - Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem girişildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.
Belarus 22-nji ýanwardan ÝB-den gelýän ýük awtoulaglaryna girmek we gaýtadan birikdirmek boýunça täze ýygymlary girizer
Belarusyň gümrük gullugy 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan ilkinji 24 sagadyň dowamynda ýükleriň ýüklenýän we gaýtadan birikdirilýän ýerlerine ýük awtoulaglarynyň girmegi hem-de ýerleşdirilmegi üçin ýewropaly daşaýjylardan töleg alyp başlar. Degişli karar 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Belarusyň Ministrler geňeşi tarapyndan kabul edildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.