Habarlar
Habarlar
165f13680c6170.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

165f1326bc841f.jpeg
2 ýyl ozal
2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy

Ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr ýükleriň geçirilmegi üçin döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde, soňky ýyllarda üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Ýagny, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

165eff728231d2.jpeg
2 ýyl ozal
Orta geçelgede daşalan ýüküň möçberi 10 million tonna ýeter

«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Azerbaýjana döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Azerbaýjan» gazetine beren interwýusynda belledi.  

165eff022eca61.jpeg
2 ýyl ozal
Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda ýük daşamak üçin «rugsat resminamalarynyň» sany köpeldi

Soňky 3 ýylda Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda halkara ýük daşamak üçin «rugsat blankalarynyň» sany bäş esse artdy.

165efed9299176.jpeg
2 ýyl ozal
JICA Türkmenistana Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde gümrük hyzmatdaşlygyny hödürledi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. 

165efe98c07d3f.jpeg
2 ýyl ozal
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

1660266e85443c.jpeg
2 ýyl ozal
«Boeing» kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider

«Boeing» amerikan kompaniýasynyň başlygy Deýw Kelhun soňky aýlarda uçarlar bilen baglylykda bolup geçen tehniki meseleler we heläkçilikler sebäpli ýylyň ahyrynda işden gitmekçidigini habar berdi. Bu barada «1prime.ru» saýty ýazýar.

165efdfa301548.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Londonyň Hitrou howa menziline amala aşyrylýan uçuşlary Londonyň Gatwik howa menziline geçirmek meýilnamasyny yglan etdi. “AeroRoutes” portalynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.

165fd418b6ca90.jpeg
2 ýyl ozal
Emeli intellekt adamlaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler

Emeli intellekt hassalaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler. Alymlar bu tehnologiýanyň lukmanlara diagnoz we näsaglara gözegçilik etmekde kömek edip biljekdigini aýtdylar. 811 müňden gowrak hassanyň maglumatlary bilen taýýarlanan emeli intellekt guralynyň 68 bilen 76 göterim arasynda takyk netijeleri berendigi bellendi.

165eefc25b88fd.jpeg
2 ýyl ozal
«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Abonentler agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp, anyklap bilerler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.