Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar
Dünýä belli “Samsung” kompaniýasyndan soňra “Apple” kompaniýasy hem özüniň “akylly” ýüzüklerini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda degişli işleri ýola goýan “Apple” kompaniýasynyň bu önümi “akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşligi ýokarlandyrar.
Özbegistan we Türkiýe ýük daşamak ulgamynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministrliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen duşuşandyklary «Trend» tarapyndan habar berildi.
Aragatnaşykçy talyplar zenan dünýäsiniň gözelligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar
Ýurdumyzda eli çeper ene-mamalarymyzyň we gelin-gyzlarymyzyň zehin-paýhasyndan kemala gelen halkymyzyň medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.
Özbegistanda internet aragatnaşygyny giňeltmek üçin şertler gowulandyrylar
Özbegistanda internet aragatnaşygyny giňeltmek üçin şertler gowulandyrylar. Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli Kanuna gol çekdi.
El hünäriniň amaly-haşam bäsleşigi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň bilelikde gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynda “El hünäri il gezer” ady bilen türkmen milli el işleriniň amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi.
Nokia kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy
Ykjam, gozgalmaýan, giň zolakly we IP ulgamlary üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Nokia transmilli kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.