Habarlar
Habarlar
1640ab7d655ee9.jpeg
2 ýyl ozal
Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy

Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi şu gün Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Sabyrow bilen duşuşdy. Bu barada Kataryň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

16409722da25a1.jpeg
2 ýyl ozal
Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

16409735b65051.png
2 ýyl ozal
Türkmenistan «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahat geçiriler. Onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «AstrahanFM» habar berýär.

164098096a2d82.jpeg
2 ýyl ozal
UNECE-niň ulag pudagyndaky maslahaty Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistan ulaglarda tebigy gazyň ulanylyşyny giňeltmek arkaly UNECE-e agza döwletleriň ulag pudagyny uglerodsyzlaşdyrmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça taslama girýär.

164096eb5dd780.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

1640977573c893.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy

6-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynyň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan agentligiň gelin-gyzlaryna dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy. Oňa pudagyň ýolbaşçysy we hünärmenleri gatnaşdylar.

1640579dcc4fcd.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek hem-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy çarşenbe güni habar berdi.

16405757502818.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 28-nji fewralda türkmen-eýran serhedindäki Howdan-Bajgyran barlag nokatlarynda geçirilen duşuşykda e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni habar berdi.

1640572eeb2344.jpeg
2 ýyl ozal
Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin Baku portunda gämi duralgasy açyldy

Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy.

16403b5e6c58f2.jpeg
2 ýyl ozal
SÜRÜJILERIŇ IŞI ILERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-ýol ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler gazanylýar.  Satyn alynýan ýokary hilli awtobuslar, taksiler, ýük awtoulaglary ýurdumyzda ulag hyzmatynyň göwnejaý ýola goýulmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda ulaglar pudagynda hem ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.