Habarlar
Habarlar
Fransiýa A10 we A85 awtoulag ýollarynyň çatrygyndaky ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar
Tur (Fransiýa) şäheriniň golaýyndaky A10 we A85 awtoulag ýollarynyň kesişýän ýerindäki ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Bu barada «40ton» hem-de «comcomtvi.fr» portallarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.
Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy
Ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary täze tizlik rekordyny goşdy. Ýaponiýada öndürilen “Aspark Owl” sagatda 438 kilometre ýetdi. Germaniýanyň Papenburg synag merkezinde sagatda 438,74 kilometre ýeten bu awtoulag “dünýäniň iň çalt elektrik ulagy” diýen ada eýe boldy.
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi.
Saud Arabystany haj wagtynda uçarmansyz howa taksisini işe girizdiler
Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär.
Türki dünýäniň medeni mirasynyň sanly katalogy taýýarlanylýar
Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady
Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar.
Ulag-logistika aragatnaşyklary – Merkezi Aziýa sebitini gülledip ösdürmegiň möhüm ugry
Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.