Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny gysgaldýar
Gazagystanyň Parlamentiniň mejlisi Azerbaýjanyň üsti Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny azaltmak baradaky şertnamany tassyklady.
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadançylygynyň binýady
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz nesihat duşuşygy 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine, türkmen halkynyň Milli Lideriniň — Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Bu ýerde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmakda öňde goýlan maksatlara hem giň orun berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy.
"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Bitarap” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanylan üstünlikler BMG-niň Ženewadaky ofisinde tanyşdyryldy
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy «Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy» atly maslahatlaşmada çykyş etdi.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri gatnatmak hyzmatyny hödürleýär
Häzirki wagtda az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslama işe girizilýär
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.